Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
020.010.030
010.150.010
010.140.050
010.150.010
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa
institutyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 7, 809-njy madda)
Döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmeli.
2. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklemeli.
3. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Myradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 23-nji iýuly
№ PP-387