1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
010.210.000
060.120.010
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2018-nji ýyl, № 4-5, 718-nji madda)
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli 164 uruş weteranyna, şol sanda 19 zenana, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň 17 ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary şu Permana goşunda laýyklykda dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
3. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu Permana goşunda laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary P.Agamyradow, G.Myradow, Ç.Gylyjow, K.Durdymyradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 27-nji apreli
№ PP-348
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde
çykaran PP-348-nji Permanyna
goşundy
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlaryň
SANAWY
Erkekler üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 Nah köýnek 1 sany 59,0
1
Nah köýnek
1 sany
59,0
2 Nah pižama 1 toplum 52,9
2
Nah pižama
1 toplum
52,9
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 23,0
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
23,0
4 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 67,8
4
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
67,8
5 Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm) 1 sany 28,8
5
Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm)
1 sany
28,8
6 Multigaýnadyjy (Redmond) 1 sany 488,0
6
Multigaýnadyjy
(Redmond)
1 sany
488,0
7 Radio (Meier) 1 sany 240,0
7
Radio (Meier)
1 sany
240,0
8 Demir demkeş (Termos) 1 sany 100,0
8
Demir demkeş (Termos)
1 sany
100,0
9 Goşarlyk 1 sany 6,6
9
Goşarlyk
1 sany
6,6
10 Tirseklik 1 sany 7,9
10
Tirseklik
1 sany
7,9
11 Korset 1 sany 20,0
11
Korset
1 sany
20,0
12 Dez-desmal 1 toplum 3,9
12
Dez-desmal
1 toplum
3,9
13 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 30,4
13
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
30,4
14 Sowgatlar üçin torba 1 sany 140,0
14
Sowgatlar üçin torba
1 sany
140,0
Jemi: 1268,3
Jemi:
1268,3
Zenanlar üçin
t/b Sowgatlaryň atlary Ölçeg birligi Bahasy (manat)
t/b
Sowgatlaryň atlary
Ölçeg birligi
Bahasy (manat)
1 Bir köýneklik ştapel mata 2 m 46,0
1
Bir köýneklik ştapel mata
2 m
46,0
2 Trikotaž köýnek 1 sany 55,0
2
Trikotaž köýnek
1 sany
55,0
3 Jorap 1 guty (4 jübüt) 20,0
3
Jorap
1 guty (4 jübüt)
20,0
4 Ýorgan-düşek daşlygy 1 toplum 67,8
4
Ýorgan-düşek daşlygy
1 toplum
67,8
5 Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm) 1 sany 28,8
5
Elçalgyç (70x140sm we 50x90sm)
1 sany
28,8
6 Multigaýnadyjy (Redmond) 1 sany 488,0
6
Multigaýnadyjy
(Redmond)
1 sany
488,0
7 Radio (Meier) 1 sany 240,0
7
Radio (Meier)
1 sany
240,0
8 Demir demkeş (Termos) 1 sany 100,0
8
Demir demkeş (Termos)
1 sany
100,0
9 Goşarlyk 1 sany 6,6
9
Goşarlyk
1 sany
6,6
10 Tirseklik 1 sany 7,9
10
Tirseklik
1 sany
7,9
11 Korset 1 sany 20,0
11
Korset
1 sany
20,0
12 Dez-desmal 1 toplum 3,9
12
Dez-desmal
1 toplum
3,9
13 Türkmenistanyň melhem çaýlary 1 toplum 30,4
13
Türkmenistanyň melhem çaýlary
1 toplum
30,4
14 Sowgatlar üçin torba 1 sany 125,0
14
Sowgatlar üçin torba
1 sany
125,0
Jemi: 1239,4
Jemi:
1239,4