Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 390-njy madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikleri gazanýar. Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk toýuny uly üstünliklere besleýän Bitarap Türkmenistanyň her bir güni täze ýeňişler, şanly wakalar bilen şöhratlanýar. Dynçlygyň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan güneşli Diýarymyz dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraýa eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda möhüm ähmiýetli başlangyçlara ýaşulularyň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny düşündirmekde hem hormatly ýaşulularymyzyň hyzmaty örän uludyr.

Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň ösýän we özgerýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlary watançy, zähmetsöýer, halal, päk ahlakly we ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewe,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradowa,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Erkin Mätiýewiç Kösäýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň gorag işgäri Meretgeldi Gulgeldyýewe,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Akmyrat Geldimyradowa,

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Altyn asyr şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanberdi Ýagmurowa,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Akwekil geňeşliginiň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretmuhammet Saparowa,

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Balkan welaýat müdirliginiň Etrek etrabynyň wekili, Etrek etrabynyň baş ymamy Begarslan Esenowa,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw geňeşliginiň Paraw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Mäti Nurmämmedowa,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky geňeşliginiň Uzynsuw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Torjan Ataweliýewe,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginiň Bereketli obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmyrat Öwezowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Hywaçyoý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Dädebaý Welžikowa,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň Garaoý obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Mamyşowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýguly Hudaýberdiýewe,

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Kerimowa,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Eljik obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çiltenkuly Rahmedowa,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Agzybirlik obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýagşymyrat Gurbanýazowa,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Atajan Şamuhammedowiç Kakabaýewe,

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Serhetabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanseýit Agageldiýewiç Saparmyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 5-nji oktýabry

№ PP-202