Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň milli baýramy - Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň milli baýramy - Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň milli baýramy - Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän

çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 12, 5320-nji madda)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995 ýylyň 12 dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy we Türkmenistanyň milli baýramy - Bitaraplyk Güni mynasybetli, şu senäniň Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşyndaky taryhy we syýasy ähmiýetini nazara alyp, şeýle hem şu wakanyň aýratyn dabaraly bolmagy maksady bilen, karar edýärin:

1. Bitaraplyk Güni - 12 dekabrda her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmesi bilen çykyş etmegini göz öňünde tutmaly.

2. Her ýyl 12 dekabrda Aşgabat şäherinde Saparmyrat Türkmenbaşy meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, BMG-nyň agzalary ýurtlaryň döwlet baýdaklaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyny galdyrmak dabarasyny geçirmeli.

3. Her ýyl Bitaraplyk Gününiň şanyna Aşgabat şäherinde döwlet kabul edişligini, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Nýu-Ýork şäherinde (ABŞ) resmi kabul edişlik geçirmeli.

4. Her ýyl Bitaraplyk Gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli okuw jaýlarynda «Bitaraplyk: parahatçylyk we ylalaşyk syýasaty» diýen sapaklary guramaly.

5. Her ýyl 12 dekabrda harby bölümlerde we birikmelerde döwlet baýdagyny galdyrmagyň we harby gullukçylaryň harby kasamy kabul etmeginiň dabaraly çärelerini geçirmeli.

6. Türkmenistanyň bitaraplygynyň bir ýyllygy baýram edilip bellenilýän günde 20 sagat 00 minutda Aşgabat, Daşhowuz, Mary, Nebitdag, Çärjew şäherlerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk Güni - 12 dekabry aňladýan 12 zalpdan ybarat baýramçylyk salýutyny geçirip, soňra her ýyl zalplaryň sanyny bitaraplygyň nobatdaky toýy mynasybetli bir san artdyrmaly.

7. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna - Döwlet baýdagyna we Döwlet gerbine Türkmenistanyň bitaraplygynyň aýdyň beýan edýän şekilleri goşmak boýunça teklipleri taýýarlamalydyr.

8. 1996 ýylyň 32 dekabrynda Aşgabat şäherinde simwoliki «Bitaraplyk heýkeliniň» düýbüni tutmak dabarasyny geçirmeli.

9. K. Marks adyndaky meýdançany Bitaraplyk Meýdançasy diýip atlandyrmaly.

10. Bitaraplyk Güni bolan 12 dekabry iş güni däl diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 6-njy dekabry

№ PP-2068