Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmen döwlet habarlar gullugyny Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi diýip atlandyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmen döwlet habarlar gullugyny Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmen döwlet habarlar gullugyny Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi diýip atlandyrmak hakynda

010.150.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 11-12, 3395-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen we umumadamzat bähbitli beýleki halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty boýunça geçirilýän möhüm çäreler baradaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza we dünýä giňden ýaýmak işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Ýazmuhammedowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 20-nji noýabry.

№ PP-6661