Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

010.120.060

010.200.020

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. №10, 3356-njy madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli Begenç Şadurdyýewiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Adalat ministri, 2-nji derejeli ýurist Begmurat Rahmangulyyewic Muhamedowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, general-leýtenant Ýaýlym Ýagmyrowic Berdiýewi,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Amanmyrat Rejepmyradowiç Hallyýewi,

Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň II derejesi bilen:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, general-leýtenant Myrat Yslamowy,

Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi;

Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň III derejesi bilen:

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Annamuhammet Amandurdyýewiç Hojamgulyýewi,

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy, polkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowy,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Döwrangeldi Garýagdyýewiç Baýramowy;

Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalynyň II derejesi bilen:

Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Isgender Handurdyýewiç Mulikowy.

Türkmenistanyň

Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ PP-6645.