Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»

diýen ady dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 10, 3354-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Watanymyz ähli ugurlar boýunça güýçli depginler bilen ösýär. Garaşsyz döwletimiziň her bir güni täze, şöhratly ýeňişlere beslenip, dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar.

Gazanylýan uly üstünliklere, mähriban halkymyzyň bitewüligini we jebisligini has-da berkitmäge ýurdumyzyň ýaşuly nesli uly goşant goşýar. Ýaşulular derwaýys meseleleri maslahatlaşmaga we çözmäge, ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ähli täze başlangyçlar ýaşulularyň ak pata bermegi bilen başlanýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde hem il sylagly ýaşulularymyzyň hyzmaty uludyr.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimizde şöhratly taryhymyza, bagtyýar döwrümize, nurana geljegimize buýsanç duýgularyny döretmek, ýaşlarymyzy asyrlarboýy sünnälenip gelnen ruhy gymmatlyklarymyz we milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek boýunça hem pähim-parasatly ýaşulularymyzyň alyp barýan işleri uly hormata mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy Amangeldi Amanowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hydyrdurdy Akmyradowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýram Mommadowa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanguly Öwezliýewe,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Orazgeldi Saparmämmedowa,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Tejen şäher çaphanasynyň başlygy Derýa Aşyrowa,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Durun geňeşliginiň Durun obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Annagurban Muhammetgeldiýewe,

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň Mäne geňeşliginiň Mäne obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Amangeldi Nurgeldiýewe,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap häkimliginiň Medeniýet, bilim, saglyk, sport we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminiň hünärmeni - ymam Rejep Ataýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Etrek Baýramberdiýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Täçguly Nurmuhammedowa,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç geňeşliginiň Goç obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaguly Suhanowa,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Çary Ýollyýewe,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Maslahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dädebaý Pirekowa,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrowa,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap häkimliginiň Işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek bölüminiň hünärmeni – ymam Abdukarim Allaberdiýewiç Allaberdiýewe,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Lebap welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenabat ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň 3-nji ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň sakçysy Ýoldaş Rahymowa,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir geňeşliginiň Gabyrdy obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Allaberdiýewe,

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Sakar şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Ereş Babajanowiç Talipowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Rysgally geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Amanmyrat Begjanowa,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Dostluk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hezretkuly Öwlüýagulyýewe,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Söýünaly geňeşliginiň Bedeň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Kadyrowa,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Jarly obasynyň ýaşaýjysy, pensoner Aşyr Kakajanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2014 ý. oktýabr aýynyň 20-si.

№ PP-6643