Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Hatyra gününi bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Hatyra gününi bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Hatyra gününi bellemek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 10, 3350-nji madda)

Gün-günden özgerýän hem-de gözelleşýän merjen paýtagtymyz Aşgabatda Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli uruşlarda wepat bolan gahrymanlarymyzyň, şeýle hem 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna Ýadygärlikler toplumy guruldy. Halk hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, halkymyzyň şan-şöhrata beslenen taryhyny özünde jemleýän bu Ýadygärlikler toplumy merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, edermenligine minnetdar nesilleriň bimöçber hormatynyň we sarpasynyň nyşanydyr.

Halkymyzyň öten-geçenlerimizi hatyralamak we ýatlamak, Watan goragçylarynyň, gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen sarpalamak, olaryň şan-şöhrata beslenen atlaryny hormatlamak baradaky mukaddes däplerinden we ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp hem-de raýatlarymyzyň, şol sanda hormatly uruş we zähmet weteranlarymyzyň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, Gökdepe urşunda we Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde wepat bolanlary ýatlap, hatyralanýan seneleri birikdirip bellemek maksady bilen, karar edýärin:

1. Her ýylyň 6-njy oktýabryny Hatyra güni diýip bellemeli.

2. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde:

Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hatyra, baýramçylyk hem-de beýleki çäreleri geçirmegiň Tertibini;

şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

№ PP-6639