Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýeb we sport baradaky komitetiň başlygy D. Annaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýeb
we sport baradaky komitetiň başlygy D. Annaýewi «Gaýrat»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5217-nji madda)
Bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek işinde, ösüp gelýän nesli Watany söýmek we oňa sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň başlygy Durdymuhammet Annaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 17-nji oktýabry
№ PP-1984