Milisiýanyň polkownigi S. D. Rabinowiçi «Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Milisiýanyň polkownigi S. D. Rabinowiçi «Edermenlik»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5211-nji madda)
Döwletde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy, jenaýatçylyga garşy göreşmek we jemgyýetçilik howpsuzlygyny pugtalandyrmak işinde bitiren hyzmatlary üçin hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli, Aşgabat şäheriniň Içeri işler uprawleniýesiniň derňew bölüminiň aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüsi milisiýanyň polkownigi Stanislaw Dmitriýewiç Rabinowiçi «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 11-nji oktýabry
№ PP-1931