Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 8-9, 3283-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň çekýän agzybirlikli we tutanýerli zähmeti netijesinde, Eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwriilen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny gowulandyrmak we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaş lygy sakamak, şeýle hem atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek we atçylyk pudagynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar we atçylyk sporty boýunça okuw merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda özlerini görkezendikleri, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmekde ýardam berendikleri, ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda seýislän bedewi bilen ýokary ussatlygy görkezip, baýraklary orunlary eýeländikleri, ýaş çapyksuwarlara at çapmagyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwredendikleri üçin, şeýle hem ýokary ussatlygyny we hünäre ezberligini nazara alyp, karar edýärin:

hususy atşynaş Ilmyrat Agamyradowa;

hususy atşynaş Orazguly Babalyýewe «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň 5-nji sentýabry

№ PP-6621