«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5210-njy madda)
Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak boýunça gullugy ýerine ýetiren mahaly görkezen mertligi we edermenligi üçin:
kapitan Agadurdy Ýomudowiç Garaýewi,
uly leýtenant Jumamyrat Orazowy,
leýtenant Joraguly Myradowiç Baltaýewi,
leýtenant Baýmyrat Azadowiç Muhyýewi,
seržant Kömek Baljaýewi «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 11-nji oktýabry
№ PP-1930