N. Kulyýew, A. Nurgeldiýew we N. Orazdurdyýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
N. Kulyýew, A. Nurgeldiýew we N. Orazdurdyýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5203-nji madda)
Işde gazanan ýokary netijeleri, pudagy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň № 10 ýük awtomobil ulaglary kärhanasynyň sürüjisi Nurýagdy Kulyýewe;
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Aşgabatdaky lokomotiw deposynyň slesary Annamämmet Nurgeldiýewe;
Türkmenistanyň Milli graždan awiasiýasy uprawleniýesiniň baş inženeri Nyýazberdi Orazdurdyýewe «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 8-nji oktýabry
№ PP-1920