Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärlerini sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärlerini sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 10, 5202-nji madda)
Işde gazanan ýokary netijeleri, pudagy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Aşgabatdaky awtomobil ýollarynyň liniýa-ulanyş uprawleniýesiniň awtogreýder maşinisti Orazgeldi Baýramowy;
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky № 3004 awtomobil ulaglary kärhanasynyň sürüjisi Durdymyrat Ýegenmyradowy;
Türkmenistanyň Deňiz ulaglarynyň ýük ýükleýiş-düşüriş kompleksiniň doker-mehanizatory Baýrammämmet Mämmedowy;
Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Derýa ulaglarynyň teplohodynyň kapitany Hemraguly Töräýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 8-nji oktýabry
№ PP-1919