Sudýalary ygtyýarlylyklardan mahrum etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Sudýalary ygtyýarlylyklardan mahrum etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5645-nji madda)
«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 66 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Daşhowuz welaýat sudunyň sudýasy Gadambaý Hudaýbergenowiç Mätýakubowy,
Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýasy Döwletmyrat Şalarowy sudýanyň belent ady bilen sygyşmaýan masgaralaýjy etmişi edendigi üçin ygtyýarlyklaryndan mahrum etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 28-nji maýy
№ PP-2221