«Türkmendemirýollary» uprawleniýesiniň işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmendemirýollary» uprawleniýesiniň işgärleriniň bir
toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly
bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5644-nji madda)
Türkmenistanda demir - beton şpallarynyň önümçiligini döretmek boýunça döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmäge goşan uly şahsy goşandy üçin:
Aşgabatdaky gurluşyk-montaž otlusynyň gurluşyk ussasy Myrat Baýramdurdyýewi,
«Türkmendemirýollary» uprawleniýesiniň başlygynyň birinji orunbasary Halmyrat Sarygulyýewiç Berdiýewi,
Aşgabatdaky gurluşyk-montaž otlusynyň awtokran maşinisti Wladimir Dmitriýewiç Moskaýewi,
Aşgabatdaky gurluşyk-montaž otlusynyň betonçysy Bäşim Amangeldiýewiç Tejenowy,
Aşgabatdaky gurluşyk-montaž otlusynyň traktorçysy Amandurdy Amanberdiýewiç Çaryýewi,
Aşgabatdaky gurluşyk-montaž otlusynyň proraby Tair Jumabaýewiç Ereşowy «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 27-nji maýy
№ PP-2220