Tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda
130.020.020
130.020.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014-nji ýyl, № 6, 3203-nji madda)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply, material we energiýa tygsytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Tehnologiýalar merkezini döretmeli.
2. Tehnologiýalar merkezini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna bermeli.
3. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, A.Goçyýew we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 6-njy iýuny.
№ PP-6584