Meliorasiýa we suw hojalyk işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Meliorasiýa we suw hojalyk işgärleriniň bir toparyny «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5639-njy madda)
Önümçilikde gazanan ýokary üstünlikleri, Türkmenistanda meliorasiýany we suw hojalygyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň Marydaky abatlaýyş-mehaniki zawodynyň döredilen gününiň 40 ýyllygy mynasybetli:
zawodyň direktory Nurmuhammet Gordyýewiç Ataýewi,
elektrik bilen kebşirleýji Leon Mesropowiç Babaýansy,
sürüji Agabaý Orazowiç Welhanowy,
guýujy Zigmund Ýaonowiç Radowiçi - «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 19-njy maýy
№ PP-2214