Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3163-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2014-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç gününi 19-njy maýa geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri
2014-nji ýylyň maý aýynyň 09-y.
№ PP-6572