Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Süleýman Demirele 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Süleýman Demirele 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Süleýman Demirele 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5637-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen-türk dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary we bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini, ylmyny, bilimini, sungatyny, medeniýetini ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Süleýman Demirele 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 12-nji maýy

№ PP-2212