Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara

baýragyny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 5, 5635-nji madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

1. Arhitektor, proýektiň awtory Kakajan Durdyýewe, arhitektor, proýektiň awtory Dürli Durdyýewa, inžener-konstruktor Myrat Nyýazowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Kakajan Täşliýewe, «Buig» fransuz firmasynyň Türkmenistandaky wekili Alen Piýona, arhitektor, proýektiň awtory Rober Bellona (Fransiýa) - türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, gahrymançylygynyň hem-de öz şöhratly taryhy geçmişiniň mukaddes simwolyna öwrülen Gökdepe etrabynda «Saparmyrat Hajy» metjidini bina etmäge goşan uly goşantlary üçin:

2. Gyzylarbadyň haly fabriginiň halyçylary Annagül Aýymowa, Gürbangül Altyýewa, Orazgül Amangulyýewa, Gülsenem Amandurdyýewa, Ogulgurban Amandurdyýewa, Nowbahar Annaýewa, Oguljahan Annamyradowa, Oguljahan Annanepesowa, Altygül Annanyýazowa, Ogulgoç Annaseýidowa, Agaltyn Ataýewa, Oguljemal Ataýewa, Ogulgül Atanepesowa, Oguldurdy Aşyrowa, Gültäç Baýmyradowa, Gülzada Begnazarowa, Nurjemal Welmyradowa, Ogulbossan Garaganowa, Gülbike Garajaýewa, Satlyk Garataýewa, Hallybibi Garýagdyýewa, Ogultäç Geldiýewa, Akgül Göçenowa, Bike Goçyýewa, Ýazjemal Gurbangulyýewa, Amantäç Igdirowa, Gurbanbike Magtymgulyýewa, Gülsoltan Mämiýewa, Baýramsoltan Myradowa, Annagül Nurgeldiýewa, Şeker Nursähedowa, Nurbibi Nuryýewa, Gülbibi Poltaýewa, Hally Rejebowa, Oguldursun Semenowa, Aksoltan Toýlyýewa, Baýrambike Hojaýewa, Ogulmaral Esenowa, Türkmenistanyň haly sungatyny ösdürmekde gazanan görnükli üstünlikleri we umumy meýdany 266 kwadrat metr bolan äpet halyny döredendikleri üçin;

3. Türkiýe Respublikasynyň döwlet ministri Namyk Kemal Zeýbege, Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky fonduň baş direktory Himmet Kaýhana, ýazyjy, Türkmenistanyň Türkiýe Respublýkasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Annaguly Nurmämmedowa - türkmen edebiýatyny wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary we türkmen halkynyň gahrymançylykly «Görogly» eposynyň 8 tomuny taýýarlandyklary we neşir edendikleri üçin 1997-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 2-nji maýy

№ PP-2207