Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň

«Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 5, 3161-nji madda)

Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna tämiz ruhly, sagdyn ahlakly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde ähli adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belent tutup, söz ussadynyň ölmez-ýitmez şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar. Beýik şahyryň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhu-belentligiň we agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga goşan uly şahsy goşantlaryny, çeken önjeýli zähmetlerini we ajaýyp döredijilik üstünliklerini nazara alyp, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglamaly:

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Baş direktory Irina Bokowany,

Türki halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş direktory Dusanbaý Kurabaýewiç Kaseinowy,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Aleksandrowic Žilkini,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň deputaty, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň döwlet gurluşygy we ýerli öz-özüňi dolandyryş komitetiniň agzasy Robert Mugallimowiç Minnullini,

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň başlygy Polad Bülbül ogluny,

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň Türki halklaryň edebiýaty kafedrasynyň dosenti Firuza Abdulla gyzy Agaýewany,

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory, professor Aram Simonýany,

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň müdiri Aleksandr Safarýany,

Gazagystan Respublikasynyň Abylaý han adyndaky Gazak halkara gat-naşyklary we dünýä dilleri uniwersitetiniň dosenti Madinýam Nassyrowany,

Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeni merkeziniň başlygy Orazmirat Rejepowiç Kurbanowy,

Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Alyşir Nowaýy adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ergaş Oçilowy,

Özbegistan Respublikasynyň raýaty, pensioner Kurambaý Matrizaýewi,

Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynyň Ajy-nyýaz adyndaky Nöküs döwlet mugallymçylyk institutynyň professory Karimbaý Kurambaýewi,

Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň kömekçisi Faizullo Boboýewi,

Belarus Respublikasynyň raýaty, terjimeçi, şahyr Hanad Çarkaziany,

Belarus Respublikasynyň raýaty, terjimeçi, şahyr Kazimir Kameişany,

Türkiýe Respublikasynyň Başkent uniwersitetiniň professory Abdurrahman Güzeli,

Türkiýe Respublikasynyň Uludag uniwersitetiniň professor assistenti, doktor Hidaýet Pekeri,

Eýran Yslam Respublikasynyň raýaty, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwreniji Nazarmohammad Adineh Gorbn Mohammadini,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Juma Al Majid miras merkeziniň başlygy, Dubaý şäheriniň Söwda palatasynyň başlygy Juma Almajid Abdullany,

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Turas» («Miras») ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň redaktory, Juma Al Majid miras merkeziniň iş dolandyryjysy Benzegiba Azzeddineni,

Müsür Arap Respublikasynyň Kairdäki Aýn Şams uniwersitetiniň Sungat fakultetiniň professory Elsafsafy Ahmed Elmorsy Elkatury,

Saud Arabystany Patyşalygynyň «Faýsal» («Miras») ylmy-barlag merkeziniň baş direktory Bin Jonaid Ýahýa Mahmudy,

Yragyň Tekrit uniwersitetiniň Pedagogika fakultetiniň arap dili bölüminiň arap dili we edebiýaty boýunça ylymlaryň doktory, professor Ibrahim Mustafa Hamady,

Ispaniýa Patyşalygynyň Granada uniwersitetiniň professory, terjimeçi Helga Dorosea Korrs Kegeli,

Ispaniýa Patyşalygynyň Granada uniwersitetiniň professory, terjimeçi Alehandro Munýoz Korsy,

Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Titulesku adyndaky Ýewropa Gaznasynyň agzasy, pensioner Ion Porožany,

Rumyniýanyň raýaty, Titulesku adyndaky Ýewropa Gaznasynyň agzasy, pensioner Elena-Mioara Porožany,

Koreýa Respublikasynyň Orta Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasynyň prezidenti Li Ok Rýuny,

Hindistan Respublikasynyň Kaşmir uniwersitetiniň Ylmy barlaglar institutynyň direktory, professor Nasim Ahmad Şahy,

Hindistan Respublikasynyň Jamia Milla Islamia uniwersitetiniň Zakir Husain adyndaky Gündogar-musulman ylymlary institutynyň direktory Jamia Millia Islamia uniwersitetiniň Gündogar-musulman ylymlary fakultetiniň professory, Deli Urdu akademiýasynyň prezidentiniň orunbasary Ahtarul Waseýi,

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan welaýatynyň Sinszýan uniwersitetiniň rektory Tasifulati-Teýibai,

Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň Türkmen dili bölüminiň aspiranty Masahiro Okuny.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2014-nji ýylyň maý aýynyň 09-y.

№ PP-6570