Betnebisçilikli jenaýatlar üçin öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen we iş kesilen adamlary maddy jogapkärçilik bilen baglanyşykly işe (gulluga) kabul etmegi gadagan etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Betnebisçilikli jenaýatlar üçin öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen
we iş kesilen adamlary maddy jogapkärçilik bilen baglanyşykly işe
(gulluga) kabul etmegi gadagan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5586-njy madda)
Döwlet guramalarynda, edaralarynda we kärhanalarynda kadrlar düzümini hil taýdan gowulandyrmak we gulluk ýagdaýynyň hyýanatçylykly peýdalanylmagynyň halatlaryny aradan aýyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Betnebisçilikli jenaýatlar üçin öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen we iş kesilen adamlary döwlet guramalarynda, edaralarynda we kärhanalarynda maddy jogapkärçilik bilen baglanyşykly işe (gulluga) kabul etmegi gadagan etmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçiligi ministrlikleriň, wedomstwolaryň, döwlet guramalarynyň, edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 25-nji apreli
№ PP-2199