Türkmenistanda senagat kärhanalaryny döwletiň eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda senagat kärhanalaryny döwletiň eýeçiliginden
aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň
kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 4, 5570-nji madda)
Türkmenistanda senagat kärhanalaryny döwletiň eýeçiliginden aýyrmagy we hususylaşdyrmagy çaltlandyrmak, daşary ýurt we hususy maýany çekmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanda senagat kärhanalaryny döwletiň eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak olary auksionlarda satmak, aksionirlemek we inwestision konkurslary geçirmek arkaly amala aşyrylýar diýip bellemeli.
2. Daşary ýurt ýuridik taraplary we graždanlary, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridik taraplary we graždanlary, şol sanda özgerdilýän senagat kärhanalarynyň zähmetkeşler kollektiwleriniň agzalary olaryň döwletiň eýeçiliginden aýrylmagyna we hususylaşdyrylmagyna umumy esaslarda gatnaşýarlar.
3. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik taraplarynyň hem-de graždanlarynyň aksioner senagat kärhanalarynyň ustawlaýyn maýasyna gatnaşmagynyň paýy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 7-nji apreli
№ PP-2179