Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014 ý. № 3, 3074-nji madda)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere mähriban gelin-gyzlarymyz yhlas bilen zähmet çekip, öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Asuda we abadan durmuşda ýaşaýan, mukaddes maşgala ojaklarymyzyň eýesi bolan mähriban zenanlarymyz jemgyýetimizde uly sylag-hormatdan peýdalanýarlar, eziz Diýarymyzyň geljegi, göz guwanjymyz - ýaş nesillerimize döwrebap edep-terbiýe berýärler.

Bitarap Watanymyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, kabul eden giň möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde, senagatda, oba hojalygynda, ylmy-barlag işlerinde gazanan ýokary görkezijilerini, ösüp gelýän ýaş nesillerimize çuňňur bilim bermekde, olary halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli sungatyny ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik isinde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň Fiziki-himiki seljerme we güwänama bölüminiň müdiri Oguljahan Karaýewany,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň çörek bişirijisi Annajeren Allagulyýewna Sadykowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazgül Amangulyýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz «Çeper» tikin fabriginiň tikinçisi Arazsaltan Hudaýberdiýewany,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulsenem Örenýazowany,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Jemal Garajaýewna Tekaýewany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2014 ý. mart aýynyň 03-i.

№ PP-6538