Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin»
medaly bilen sylaglamak hakynda
010.200.040
190.020.020
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2014-nji ýyl, № 2, 3044-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 3-nji hünär derejeli Begenç Şadurdyýewiç Çaryýewi;
Türkmenistanyň Adalat ministri, 2-nji derejeli ýurist Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly
Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň fewral aýynyň 12-si.
№ PP-6524