Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary we alternatiw (zähmet) gulluga çagyrylan graždanlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, Serhet we Içerki goşunlaryndan zapasa boşatmak hem-de Türkmenistanyň Graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary we alternatiw (zähmet) gulluga çagyrylan graždanlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, Serhet we Içerki goşunlaryndan zapasa boşatmak hem-de Türkmenistanyň Graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5174-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Bellenilen möhletleri gulluk eden, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary we alternatiw (zähmet) gulluga çagyrylan graždanlary 1996 ýylyň noýabrynda-dekabrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, Serhet hem-de Içerki goşunlaryndan zapasa boşatmaly.
2. Türkmenistanyň erkek jynsyndan bolan, çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk graždanlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly graždanlary 1996 ýylyň oktýabrynda-dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 18-nji sentýabry
№ PP-1906