Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenskaýa iskra» gazýeti hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Türkmenskaýa iskra» gazýeti hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

«Türkmenskaýa iskra» gazýeti hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2890-njy madda)

1995 ýylyn Bitaraplyk aýynyň 12-ne Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden taryhy Rezolýusiýasyna laýyklykda garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilendigini nazara alyp we bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy ideýalaryny dünýäde dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

«Türkmenskaýa iskra» gazýetiniň adyny üýtgedip, ony mundan beýläk «Neýtralnyý Türkmenistan» gazýeti diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 13-nji dekabry

№ PP-1689