Ýoldaş P. Berdiýewe ýörite ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş P. Berdiýewe ýörite ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 2, 5485-nji madda)
Jenaýatçylyga we hukuk düzgüniniň bozulmalaryna garşy göreş alyp barmakda, jemgyýetçilik tertibini goramagy üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 57 maddasynyň 9 punktuna laýyklykda milisiýanyň polkownigi Poran Berdiýewe milisiýanyň general-maýory diýen ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 17-nji fewraly
№ PP-2128