Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň işgärlerini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň işgärlerini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4061-nji madda)
Tejen-Sarahs aralygyndaky täze demir ýolunyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin:
Guşgy ýol distansiýasynyň ýol montýory Babaguly Astanowy,
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň ýol gullugynyň başlygynyň orunbasary Myrat Rozygulyýewiç Açylowy,
Krasnowodsk stansiýasynyň signalizasiýa we aragatnaşyk distansiýasynyň elektromehanigi Amannyýaz Gaýybowy,
Aşgabat ýol distansiýasynyň başlygy Meret Berdiýewiç Gutlyýewi,
Çärjew ýol distansiýasynyň başlygynyň orunbasary Permanguly Joraýewi,
«Türkmentransköpri» döwlet önümçilik firmasynyň direktory Boris Andreýewiç Krasnousowy,
Gazanjyk ýol distansiýasynyň ýol montýory Alberdi Parjanowy,
Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň başlygynyň orunbasary Salyh Sabyrowy,
Çärjew stansiýasynyň № 2 köpri gurluşyk otrýadynyň montažçysy Rýafat Uzenbaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 11-nji maýy
№ PP-1818