Ýoldaş M. Еsetowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Ýoldaş M. Еsetowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 11, 2853-nji madda)
Duz çykarmak we gaýtadan işlemek babatda uzak ýyllap hem-de birkemsiz işländigi üçin, Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenhimsenagat» konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň üweýji-gaplaýjy sehiniň başlygy ýoldaş Mizanbaý Еsetowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 7-nji noýabry
№ PP-1677