Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P Е R M A N Y

«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 1, 5415-nji madda)

Netijeli çeken zähmeti we garaşsyz bitarap, Türkmenistanyň bank sistemasyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň birinji orunbasary Toýly Nurmyradowiç Gurbanowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ PP-2104