Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyny bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 12, 2304-nji madda)

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda garaşsyz, özbaşdak döwlet bolmak arzuwlarynyň hasyl bolandygyny, halkymyzyň döwlet baýdagymyza bolan hormatyny, guwanjyny, mährini, söýgüsini göz öňünde tutup hem-de döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini aňymyzda baky ornaşdyrmak, ony halkymyzyň milli buýsanjyna öwürmek, ýaş neslimizde watançylyk duýgularyny terbiýelemek maksady bilen, karar edýärin:

Her ýylyň 19-njy fewralyny Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygy diýip bellemeli we ol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ PP-1440