Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda «Suw damjasy - altyn dänesi» atly milli baýramçylygy bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanda «Suw damjasy - altyn dänesi» atly milli baýramçylygy bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda «Suw damjasy - altyn dänesi» atly milli baýramçylygy bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 12, 2302-nji madda)

Asyrlaryň dowamynda agyr tebigy şertlerde ýaşan türkmen halkynyň suwy «dirilik suwy» kimin mukaddes saýandygyny, ony berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplandygyny, her damja suwuň gyzyldan gymmatly derman saýylandygyny, oňa hormat goýlandygyny, sarpaly tutulandygyny nazara alyp we türkmen halkynyň milli däplerini durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramçylygyny bellemeli we ony Türkmenistanyň milli baýramçylygy diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 26-njy dekabry

№ PP-1438