Iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary we kömek pullaryny ýokarlandyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary we kömek pullaryny ýokarlandyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 4000-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.09.1996 ý. çykaran № PP-1917 we 18.02.1998 ý. çykaran
№ PP-2472 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1. Býujetden maliýeleşdirilýän guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň aýlyk we wezipe iş haklarynyň we iş hakynyň möçberlerini 1996 ýylyň 1 maýyndan başlap 2 esse ýokarlandyrmaly.
Önümçilik kärhanalarynda iş hakyny ýokarlandyrmagy bar bolan serişdeleriň çäklerinde hojalyk işiniň netijelerini hem-de «Zähmete hak tölemegiň sistemasyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 27 dekabrynda çykaran № 2436 kararynyň talaplaryny nazara alyp amala aşyrmaly.
2, 4, 5 punktlary we 3 purktunyň birinji abzasyndan bagşa abzaslary Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.09.1996 ý. çykaran № PP 1917 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
3. Iş hakyndan we pul görnüşli tölegden hasaplanylan pensiýalaryň möçberlerini 1996 ýylyň 1 maýyndan başlap 2 esse ýokarlandyrmaly.
6 punkty Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP 2472 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
7. «Iş hakyny, pensiýalary, stipendiýalary we beýleki sosial tölegleri ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 27 dekabrynda çykaran № 1700 Permanynyň 2 punktuny, «Zähmete hak tölemegiň sistemasyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995 ýylyň 27 dekabrynda çykaran № 2436 kararynyň 6 punktuny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 24-nji apreli
№ PP-1793