Türkmenistanyň oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 3099-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.12.1996 ý. çykaran № PP-2085 06.08.2013 ý. çykaran № PP-6389 we 23.08.2016 ý. №PP-7062 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, obadaky önüm öndürijileriň özbaşdaklygyny giňeltmek hem-de önümçiligi ösdürmekde olaryň jogapkärçiligini artdyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba hojalyk we azyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we azyk ministrliginiň Oba hojalyk önümlerini öndürmek baradaky assosiasiýasyny ýatyrmaly.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini döretmeli.
2-nji bölümiň ikinji bendini Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.08.2013 ý. çykaran № PP-6389 Permany esasynda aýyrylan.
3. Türkmenistanyň Azyk senagaty Döwlet birleşigi, gönüden-göni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tabyndyr diýip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 24-nji apreli
№ PP-1792