Türkmenistanyň meliorasiýa we suw hojalyk işgärlerini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň meliorasiýa we suw hojalyk işgärlerini
«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 3091-nji madda)
Zähmetde gazanan ýokary üstünlikleri we garaşsyz Türkmenistanda meliorasiýany we suw hojalygyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin, şulary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Murgapabatlaýyşsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň № 9 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň ekskawator maşinisti Gurban Amanmyradowy;
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Lebapabatlaýyşsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň başlygy Erem Arabowy;
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Balkansuwgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Gyzylarbatsuwgurluşyk» gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň buldozer maşinisti Raşid Abdulkabirowiç Gismatulini;
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Türkmenistan gidrometeorologiýa baradaky baş uprawleniýesiniň Gidrometeorologiýa merkeziniň Ata gidrologik postunyň gidrometeorologiýa gözegçisi Aman Jumadurdyýewi;
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň aragatnaşyk uprawleniýesiniň telefonistkasy Nabat Nyýazowany;
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Ahalsuwgurluşyk» trestiniň «Köpetdaggidrogurluşyk» gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň ekskawator kranynyň maşinisti Gurban Nazarowy;
Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Daşhowuzsuwgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgençdäki gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň buldozer maşinisti Durdymet Pirnepesowy.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 1-nji apreli
№ PP-1782