N. Garaýew, A. Waliýew we M. I. Babaýewa ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
N. Garaýew, A. Waliýew we M. I. Babaýewa ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 11, 2320-nji madda)
Ilatyň saglygyny goramak babatda köp ýyllap çeken zähmeti we bitiren uly hyzmatlary üçin, şu aşakdakylary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Bejeriş-sagaldyş birleşiginiň keselhanasynyň uçastok çaga hekimi Maýa Italmazowna Babaýewany,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap sanitariýa-epidemiologniýa stansiýasynyň baş hekimi Allaýar Waliýewi,
Baýramaly şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky sanatoriýasynyň direktory Nury Garaýewi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 30-njy noýabry
№ PP-1420