Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň sistemasynyň işgärlerine «Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň sistemasynyň işgärlerine «Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2626-njy madda)
Köp ýyllap çeken zähmeti we garaşsyz Türkmenistanyň söwda işini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin:
Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň jemgyýeçilik iýmiti uprawleniýesiniň naçalnigi- Parda Hydyrowiç Işpoladowa
Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň «Türkmenhojalyksöwda» Döwlet lomaý bölek satuw kärhanasynyň direktory - Amanmyrat Ataýewe
Söwda we alyjylar kooperasiýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi komitetiniň başlygy Amandursun Saryýewa
«Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 23-nji iýuny
№ PP-1563