Türkmenbirleşigiň sistemasynyň işgärlerine «Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenbirleşigiň sistemasynyň işgärlerine «Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2625-nji madda)
Köp ýyllap çeken zähmeti we garaşsyz Türkmenistanyň alyjylar kooperasiýasynyň işini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin:
Daşhowuz welaýat alyjylar soýuzynyň Boldumsaz etrap alyjylar jemgyýetiniň prawleniýesiniň başlygy - Hüýrjan Ýegenmyradowa,
Türkmenbirleşigiň ekerançylyk boýunça hojalyk hasaplaşyk kömekçi hojalygynyň direktory - Nurnazar Myratgeldiýewe,
Balkan welaýat alyjylar soýuzynyň Gazanjyk alyjylar jemgyýetiniň ýükçüler brigadasynyň brigadiri- Hajynur Täçgulyýewe,
Lebap welaýat alyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy- Amangeldi Hudaýberdiýewe,
Mary welaýat alyjylar soýuzynyň Murgap etrap alyjylar jemgyýetiniň prawleniýesiniň başlygy - Rejepgeldi Hudaýberdiýewe,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Ilaman Şyhyýewe,
«Türkmenistanyň ilata hyzmat ediş sferasynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 23-nji iýuny
№ PP-1562