N. M. Awerkiýew, A. Anžikow we D. Muhammedow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
N. M. Awerkiýew, A. Anžikow we D. Muhammedow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 11, 2295-nji madda)
Hünärinde ýokary ussatlygy, önümçilikde gazanan uly üstünlikleri, transport serişdelerini netijeli peýdalanandygy hem-de ýaş spesialistleri taýýarlamak baradaky önjeýli işi üçin:
Aşgabat şäheriniň Trolleýbus hojalygy uprawleniýesiniň trolleýbus sürüjisi Nikolaý Mihaýlowiç Awerkiýewe,
Aşgabat şäheriniň Trolleýbus hojalygy uprawleniýesiniň trolleýbus sürüjisi Allaýar Anžikowa,
Aşgabat şäheriniň Trolleýbus hojalygy uprawleniýesiniň trolleýbus sürujisi Durdymyrat Muhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 7-nji noýabry
№ PP-1388