Türkmenistanda turistik işi döwlet tarapyndan goldamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda turistik işi döwlet tarapyndan goldamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 6, 2621-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.06.2019 ý. çykaran № PP-527 Permany esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Döwlet bähbitlerini üpjün etmek we Türkmenistanyň milli turistik industriýasynyň çalt emele gelmegi, ösmegi hem-de kemala gelmegi, üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanda turizmi ösdürmegiň 2002-nji ýyla çenli Hökümet programmasyny tassyklamaly.
2. Türkmenistanda turistik işi ähli çäreler arkaly goldamagy döwletiň has ileri tutulýan wezipeleriniň biri diýin ykrar etmeli.
Üçünji we dördünji bölekleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.06.2019 ý. çykaran № PP-527 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
5. Türkmenistanyň «Türkmensyýahat» döwlet turistik korporasiýasy welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde bar bolan medeniýet we turizm uprawleniýeleri esasynda Korporasiýanyň welaýatlardaky organlaryny döretmelidir.
6. Türkmenistanyň «Türkmensyýahat» döwlet turistik korporasiýasy gyzyklanýan ministrlikler we wedomstwolar bilen bilelikde şu Permana goşulýan sapawda*(*Sanaw alynmady) göz öňünde tutulan obýektleri gurmak üçin zerur proýekt smeta dokumentlerini işläp taýýarlamagy üpjün etmelidir.
7. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň «Türkmensyýahat» döwlet turistik korporasiýasy üçin şu Permana goşulýan sanawda görkezilen obýektleri proýektirlemekden hem-de gurmakdan ötri, kreditleri bermegi göz öňünde tutmalydyrlar.
8. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran № 1290 Permanynyň 2-nji (Türkmenistanyň «Türkmensyýahat» döwlet turistik korporasiýasynyň strukturasyny tassyklamak babada) we 3-nji punktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 20-nji iýuny
№ PP-1558