«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2277-nji madda)
Ýörite tabşyrygy ýerine ýetiren mahaly görkezen şahsy mertligi we harby borjuny göreldeli ýerine ýetirendigi üçin:
uly leýtenant Erkin Igamowiç Saidowy,
leýtenant Ýolaman Rahmetowiç Kulyýewi,
praporşik Gurbanmyrat Garýagdyýewiç Nyýazmuhammedowy,
zapasdaky starşina Gurbandurdy Ataşowiç Gurbanowy,
zapasdaky uly seržant Umid Bahtiýarowiç Hudorganowy,
zapasdaky seržant Nurnepes Geldinepesowiç Tuwakowy,
kiçi seržant Döwrangeldi Mämmedowy,
zapasdaky rýadowoý Hudaýberdi Jumaýewiç Uraýewi «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 31-nji oktýabry
№ PP-1374