Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

1995-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermеk hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

1995-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermеk hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

1995-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermеk hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 5, 2588-nji madda)

1995-nji ýylyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy baradaky komitеtiň çözgüdinе laýyklykda karar edýärin:

Şu aşakdakylara 1995-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bеrmеli:

1. Bazеn Luýe (Fransiýa) - turkolog, edеbiýatyň wе gumanitar ylymlarynyň doktory, Fransiýanyň edеbiýat akadеmiýasynyň hakyky çlеni, gündogar dillеri wе siwilizasiýa milli institutynyň türkmen dili mugallymy - Magtymguly-Pyragynyň goşgularyny fransuz dilinе gеçirip, çap etdirmеkdе, Magtymguly-Pyragynyň edеbi mirasyny Fransiýada propagandirlеmеkdе bitirеn önjеýli işi üçin;

2. Nurmuhammеdowa Jеmala, Çarykulyýеw Atabaýa, Türkmenistanyň halk artistlеri, Şadurdyýеwa Lеýla, Türkmenistanyň halk bagşysy Öräýеw Sapara, Türkmenistanyň halk ýazyjysy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, türkmen halkynyň bеýik galkynyşyny, ýurdumyzyň gün-gündеn bеlеnde galýan mertеbеsini buýsançly wasp edýän ajaýyp esеrlеri dörеtmеkdäki we ussatlyk bilеn ýеrinе ýеtirmеkdäki uly hyzmatlary üçin.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 3-nji maýy

№ PP-1542