Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2266-njy madda)

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Süleýman Demireliň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara almak bilen, karar edýärin:

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Süleýman Demirele, «Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ PP-1358