Ýoldaş W. Ý. Radzinskini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş W. Ý. Radzinskini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2263-nji madda)
Türkmenistanda medisina ylmyny we saglygy saklaýyş işini ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Medisina ylymlary akademiýasynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak baradaky ylmy-barlag institutynyň direktory ýoldaş Wiktor Ýewseýewiç Radzinskini «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 13-nji oktýabry
№ PP-1355