Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň üç ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli amnistiýa hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň üç ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli amnistiýa hakynda
170.030.170
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 9, 2211-madda)
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň üç ýyllygynyň baýram edmilmegi mynasybetli we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, karar edýärin:
1. Şulary jeza çekmekden boşatmaly:
a) aýallary;
b) I we II toparlara degişli inwalwdler diýlip ykrar edilen erkek adamlary;
w) 60 ýaşdan geçen erkek adamlary;
g) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we Watanyň bähbitlerini goramak baradaky islendik söweş hereketlerine gatnaşan hem-de internasional borjuny ýerine ýetiren adamlary;
d) inçekeseliň aktiw görnüşi bilen kesellän adamlary (dispanser hasaba aşlyň birinji topary).
2. Bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlary jeza çek mekden boşatmaly.
3. Seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlar üçin bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.
4. Şertli iş kesilen , hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilen, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden zähmete hökman çekmek bilen şertli boşadylan,şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýle çärelerine iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly
5. Düzgün-nyzam batalýonyna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.
6. Bilkastlaýyn jenaýatlar üçin üç ýyla çenli we üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary bellenilen jeza möhletiniň çekilmedik bölegine synag möhleti bilen şertli boşatmaly.
7. Bilkastlaýyn jenaýatlar üçin üç ýyldan köp, ýöne bäş ýyldan köp bolmadyk möhlete iş kesilenleri, olaryň galan jeza çekmeli möhleti üç ýyldan geçmedik halatynda zähmete hökman çekmek bilen, azatlykdan mahrum etmekden şertli boşatmaly.
8. Şu Permanyň 1-5-nji maddalarynda sanalyp geçilen we 10-njy maddasynyň täsirine düşmeýän adamlar barasynda şu Permanyň güýje girmezinden ozal edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňew işlerini we sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly.
Kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlar tarapyndan şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, bäş ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça sud, eger bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse, iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.
Şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakynda işler boýunça sud, eger azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse, iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.
9. Şularyň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly kemeltmeli:
a) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we seresapsyzlyk zerarly jenaýatlary eden, bäş ýyldan ýokary möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň –ýarpy möçberinde;
b) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin üç ýyldan köp, ýöne bäş ýyldan köp bolmadyk möhlete iş kesilen hem-de şu Permanyň 7-nji maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň – ýarpy möçberinde;
w) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin bäş ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-nji maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň – üçden bir bölegi möçberinde.
10. Şu Permanyň 1-9-njy maddalarynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:
a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71-nji (aýratyn howply döwlet jenaýatlary), 75-nji (banditizm), 76-njy (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77-nji (kontrabanda), 78-nji (köpçülikleýin tertipsizlikler), 85-nji (gatnaw ýollaryny we transport serişdelerini zaýalamak), 86-ijy (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerleşdirmek) maddalarynda, 87-nji maddanyň ikinji böleginde (walýuta operasiýalary hakyndaky kadalaryň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bozulmagy), 90-njy maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini günänini agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak arkaly iýilmegi), 91-nji (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini talaňçylyk arkalyiýilmegi), 92-nji (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi) maddalarynda, 93-nji maddasynyň üçunji böleginde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda özüňe almak, rastrata etmek ýa-da gulluk ýagdaýyna hyýanatçylykly peýdalanmak arkaly iýilmegi), 94-nji maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95-nji (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emläginiň aýratyn uly möçberlerde iýilmegi), 98-nji (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini gorkuzyp almak), 101-nji (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň emlägini bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106-njy (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107-nji (bilkastdan adam öldürmek), 110-njy (enäniň täze doglan çagany bilkastdan öldürmegi), 112-nji (öz-özüňi öldürmäge ýetirmek) 113-nji (syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek), 122-nji (zorlamak), 125-nji (azgynçylyk hereketleri), 126-njy (beçebazlyk), 135-nji (çagany ogurlamak ýa-da çalşyrmak), 136-1-nji (adamlary girewine almak) maddalarynda, 137-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda howply ýagdaýda galdyrmak), 155-nji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji, böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156-njy (graždanlaryň şahsy emlägini talamak), 157-nji (garakçylyk etmek) maddalarynda, 158-nji maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk), 159-njy maddasynda (gorkuzyp almak), 163-nji maddasynyň ikinji böleginde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 171-nji maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda spekulýasiýa etmek), 175-nji maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda öýde ýasalýan güýçli spirtli içgileriň taýýarlanylmagy, ýerleşdirilmegi, saklanylmagy), 176-3-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bikanun söwda etmek), 191-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gulluk ýagdaýyny hyýanatçylykly peýdalanmak), 192-nji maddasynyň ikinji böleginde (erkin we gulluk ygtyýarlarynyň çäginden günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda çykmak), 194-nji (para almak), 195-nji (para almakda arada durmak) maddalarynda, 196-njy maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda para bermek), 202-nji (görnetin ýalan şugullamak), 209-njy (tussag saklanylýan ýerden ýa-da tussaglykdan gamçak), 214-nji (jenaýaty ýaşyrmak), 220-nji (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysyýyň, şeýle hem harby gullukçynyň janyna kast etmek)maddalarynda, 223-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda dokumentleri, ştamplary, möhürleri, blanklarygalplaşdyrmak, galp dokumentleri, ştamplary, möhürleri, blanklary ýasamak ýa-da satmak), 236-njy maddasynyň üçünji böleginde (aýratyn zannyýamançylykly huligançylyk etmek), 237-1-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda görnetin jenaýatçylykly ýol bilen edinilen emlägi satyn almak ýa-da ýerleşdirmek), 239-njy (kemala gelmedikleriň jenaýatly işe çekilmegi), 243-nji (transport serişdelerini alyp gaçmak), 244-2-nji (demir ýoluň hereket edýän sostawyny howa, deňiz ýa-da derýa gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, porty ýa-da gaýry transport kärhanalaryny basyp almak, ýükleri basyp almak), 250-nji (satylýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak), 256-njy (güýçli täsir ediji we zäherli maddalary öndürmek, satyn almak, saklamak, olaryň uçýotyny ýöretmek, olary goýbermek, daşamak ýa-da ibermek kadalarynyň bozulmagy), 256 - 2-nji (ýylan zäherini bikanun edinmek, satyn almak, satmak), 257-nji (neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy) maddalarynda, 257-1-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ýagdaýlarda neşe maddalarynyň satmazlyk maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, saklanylmagy daşalmagy ýa-da iberilmegi), 257-2-nji (neşe maddalarynyň ogurlanylmagy), 259-njy (ösdürilip ýetişdirilmegi gadagan edilen göknary ýa-da kenebi ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek), 259-2-nji (neşe maddalaryny ulanmaga yrmak), 259-3-nji (neşe maddalaryny ulanmak üçin neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 259-4-nji (ýagy alynýan göknary we kenebi bikanun ekmek ýa-da ösdurip ýetişdirmek), 260-njy (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek) maddalarynda, 265-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda mazaryň hormatyny gaçyrmak), 268-nji (boýun egmezlik), 272-nji (naçalnik barasynda zorlukly hereketler), 277-nji (dezertirlik), 281-nji (harby emlägi bilgeşleýin ýok etmek ýa-da zaýalamak) maddalarynda, 290-njy maddasynyň «b» we «w» punktlarynda (erki hyýanatly ulanmak, erkiň çäginden çykmak we gulluga sowuk-sala garamak) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;
b) bilkastlaýyn jenaýat üçin ozal iş kesilen we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat eden adamlara;
w) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;
g) jeza çekmek düzgünini zandyýamanlyk bilen bozujylara;
d) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere;
ý) ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmadyklara, şeýle hem esassyz baýamagyň möçberlerini tölemediklere.
11. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar.
12. Jeza çekýän wagtynda tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyndan gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun gaçyran hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1-nji maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.
13. Şu Permany ulanylmagy sud edilenligi aýyrmaýar.
14. Türkmenistanyň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.
15. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 9-njy sentýabry
№ PP-1333