G. Waisow, S. Ýoldaşow, B. Kakabaýew, A. Kakaýew, O. N. Nyýazlýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
G. Waisow, S. Ýoldaşow, B. Kakabaýew, A. Kakaýew, O. N. Nyýazlýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 2, 2427-nji madda)
Çeken ak ýürekli zähmeti, ýokary hünär ussatlygy we nebit hem-de gaz çykaryjy pudakda gazanan uly önümçilik üstünlikleri üçin:
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Daşhowuzwelaýatgaz» birleşiginiň № 2 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň gaz bilen kebşirleýjisi Genje Waisowy,
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Daşhowuzwelaýatgaz» birleşiginiň baş direktory Sapar Ýoldaşowy,
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Daşhowuzwelaýatgaz» birleşiginiň № 2 mehanizimleşdirilen göçme kolonnasynyň montažlaýjysy Beki Kakabaýewi,
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň «Daşhowuzwelaýatgaz» birleşiginiň № 2 mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Ata Kakaýewi,
Türkmenistanyň Nebit we gaz ministriniň orunbasary Orazmyrat Nyýazmyradowiç Nyýazlyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 13-nji fewraly
№ PP-1492