O. A. Geldiýew we S. L. Mkrtyçýan ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O. A. Geldiýew we S. L. Mkrtyçýan ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 1, 2365-nji madda)
Garaşsyz Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary hem-de sportsmenleri taýýarlamak baradaky ýokary hünär ussatlygy üçin:
Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň sport işleri baradaky prorektory Orazmuhammet Ataýewiç Geldiýewe,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiň Olimpiýa rezerwi uçilişesiniň dzýudo bölüminiň uly trener-mugallymy Suren Lýudwikowiç Mkrtyçýana «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 11-nji ýanwary
№ PP - 1471