Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaý meýdanlary hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanda harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaý meýdanlary hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanda harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň

ýaşaýyş jaý meýdanlary hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 9, 1521-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.12.1996 ý. çykaran № PP-2070 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Ýaşaýyş jaýlaryny peýdalanmakdaky hyýaýatçylyklaryň öňüni almak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini has doly üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Döwlet we wedomstwolaýyn ýaşaýyş jaý fondunyň jaýlarynda Türkmenistanda harby gullugy geçýän harby gullukçylara bellenilen tertipde berlen ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, öz goşunlarynda harby gullukçylar harby gullugy geçýän Türkmenistanyň ministrliklerine hem-de wedomstwolaryna hemişelik peýdalanmak üçin berkidilýär we şol ministrlikler hem-de wedomstwolar tarapyndan bellenilýän tertipde peýdalanylýar diýip bellemeli.

Şol görkezilen ýaşaýyş jaýlary boşan mahaly olara şonuň ýaly harby gullukçylar we olaryň maşgalalary göçüp barýarlar. Şeýle jaýlara harby gullukçy bolmadyk adamlaryň göçüp barmagyna diňe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, öz goşunlarynda harby gullukçylar harby gullugy geçýän Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň hem-de wedomstwolarynyň razyçylygy bilen ýol berilýär.

2. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak, çalyşmak we bronlamak diňe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, öz goşunlarynda harby gullukçylar harby gullugy geçýän Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň hem-de wedomstwolarynyň razyçylygy bilen amala aşyrylýar diýip bellemeli.

3-nji madda Türkmenistanyň Prezidentiniň 06.12.1996 ý. çykaran № PP-2070 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

4. Öň özleriniň kabul eden aktlaryny şu Permana laýyk getirmegi ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet organlaryna tabşyrmaly.

5. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagynda bolan ýaşaýyş jaýlaryny hasaba almagyň we peýdalanmagyň tertibi hakyndaky düzgünnamany işläp taýýarlamagy hem-de tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine girizmegi Türkmenistanyň Goranmak ministrligine tabşyrmaly.

6. Şu Perman oňa gol çekilen pursatyndan başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 3-nji sentýabry

№ PP-996